telpek

Deriden, baganadan tikilip, kellä geýilýän geýim.

  • Onuň tüýi ösgün gara telpegi mydama başyndady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Köne donuny agajyň başyna bürärdi, telpegi hem üstünden geýdirip, onsoň uklardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem telpek - telpegi.

telpegi agan

Öň öýlenip, dul galan.

  • Telpegi agan aýypjagazy bar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

telpegi göge zyňmak

Gaty begenmek, guwanmak, şatlanmak.

telpek goýmak

Biriniň bir käre, bir zada ökdeligine boýun bolmak.

  • Bä, şu wagtyň bilgiçlerine telpek goýýaýmaly! (B. Kerbabaýew, Nebitdag)