tekizlik

[teki:zlik]

  1. Endiganlyk, düzlük.

    • Gör, ýeriň tekizliginiň peýdasyny! («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

  2. Bir giden tekiz ýer, düz meýdanlyk.

    • Birnäçe gum depelerinden aşyp, bir tekizlige çykdylar.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem tekizlik - tekizligi.