tehnika teh‧ni‧ka

  1. Önümçilik gurallarynyň hem-de adam zähmetiniň ýokary öndürijiligini gazanmak üçin ulanylýan serişdeleriň jemi.

    • Onuň täze tehnika bilen üpçün edilen ençeme kärhanasy bar. («Mydam taýýar» gazeti)

  2. Bir kärde, hünärde peýdalanylýan usul, tär, ussaçylyk.

    • Içi-daşy mermerden, beýik jaýlar salýarys, Ýokary tehnikany ykjam ele alýarys. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Uruş tehnikasyny jan edip öwrenýärin. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  3. Maşynlar, mehaniki gurallar, desgalar.

    • Dünýäde deňi ýok tehnika sende, Baryndan peýdalan, baryn işe sal. (G. Seýitliýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • tehnika-da
  • tehnikada
  • tehnikadan
  • tehnikadyr
  • tehnikalar
  • tehnikalara
  • tehnikalarda
  • tehnikalary
  • tehnikalaryna
  • tehnikalaryndan
  • tehnikalaryny
  • tehnikalarynyň
  • tehnikalaryň
  • tehnikaly
  • tehnikamyzyň
  • tehnikanam
  • tehnikany
  • tehnikanyň
  • tehnikasy
  • tehnikasyna
  • tehnikasynda
  • tehnikasyndaky
  • tehnikasyndan
  • tehnikasyny
  • tehnikasynyň
  • tehnikasyz
  • tehnikaň