[tassy:klatmak]
Bir işe, wezipä belletmek, tassyk etdirmek.
Kabul etdirmek, makul bildirmek, makullatmak.
Ogulgerek onuň sözlerini tassyklatjak bolýardy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem tassyklatmak - tassykladýar, tassykladar, tassykladypdyr.