tasanjyramak işlik

[ta:sanjyramak]

Eýläk-beýläk tasamak, gaharlanan bolup, haýbatly, çalt hereket etmek.

  • Annatuwak onuň tasanjyramagyna ähmiýet bermedi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

  • Aýsoltanyň: -- Çekileweriň! -- diýip, tasanjyrar howatyry ýadyna geldi-de tisgindi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Onsaň ol gahar bilen ýerinden tasanjyrap galdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)