tasamak işlik

[ta:samak]

  1. Ürküp aýak aldygyna gaçmak, baş etdirmän gitmek.

  2. Göçme manyda Iki ýana howlukmaçlyk bilen çapmak, eýläk-beýläk urunmak, howlukmaç ýöremek (adam hakda).

    • Heniz yzyňyzy ýel hem çalanok, siz bolsa ýene-de tasap geldiňiz. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Göçme manyda Eýläk-beýläk ýykmak, yranmak, bulanmak.

    • Towlanyp oýan-buýana, tasar gara zülpüň seniň. («Görogly» eposy)