tartmak işlik

Çekip özüňe tarap süýşürmek, güýç bilen çekmek.

  • Ýylanlary tartyp alyp hininden, derisin boýnuna düýrüň, ýigitler. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Göwrän gaçryp, dişden aslyp tartarsyň, görkezen görgüsi kändir jykyryň. (Durdy Gylyç, Goşgular)

ýoluň tanapyny tartmak

seret ýol

  • Baglar yzda galdy, derýa inçeldi, ýoluň tanapyny tartdy demine. (B. Kerbabaýew, Aýlar)


Duş gelýän formalary
  • tartan
  • tartar
  • tartarsyň
  • tartmaga
  • tartmak
  • tartsa
  • tartsaň
  • tartsyn
  • tartyp