tarlawuk

Göktorla meňzeş gawunyň bir sorty.

  • Göktorly, waharman, tarlawuk gawun, ýoluňda ýarylýar, tapmasaň tabyn. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Akmaňyz, tarlawuklar düňderilişip ýatyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem tarlawuk - tarlawugy.