Tarkyldyly ses çykarmak, tarkyldyly seslendirmek.
Ol pyýada derwezäniň bir taýyna söýenip, derwezäni tarkyldatmaga durdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Ol, birine kasty bar ýaly, tarkyldadyp gapyny ýapdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Seniň eliňe ýarag berseler, elbetde, tarkyldadarsyň. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem tarkyldatmak - tarkyldadýar, tarkyldadar, tarkyldadypdyr.