tarelka

  1. Tegelek formaly, ýasy düýpli, farfordan ýasalan, nahar iýilýän gap.

    • Aý, öý üçin çäýnek, käse, tarelka alyşdyrdym, ynha gör, boljakmy?! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Hemragül tarelkalara nahar guýmaga durdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Sazçylyga degişli Iki sany tegelek we ýasy metal plastinka kakylyp çalynýan saz guraly.


Duş gelýän formalary
  • tarelkada
  • tarelkadan
  • tarelkalar
  • tarelkalara
  • tarelkalary
  • tarelkalarynyň
  • tarelkalaryň
  • tarelkaly
  • tarelkanyň
  • tarelkaň