taraply sypat

Tarapy bar bolan, gapdally.

  • Köp taraply üçburçluk.

bir taraply

Doly gerim almadyk, doly däl, çäkli.

  • Hüjüm bir taraplydy.

biz taraply

Ýurtdaş, obadaş, watandaş.

  • Gara saçlaň bir gulaç, biziň taraply gördüm. (G. Seýitliýew, Saýlanan eserler)

köp taraply

Her taraplaýyn, hemme taraplaýyn, çäksiz.

  • Bu günler çagalaryň köp taraply işleriniň iň bir möwç urýan pursady. («Mydam Taýýar» gazeti)