tarap at

  1. Bir ugur, ýan, taý.

    • Ol biraz sägindi-de, sesiň gelen tarapyna seretdi. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

    • Sag we sol tarapymyzdaky daglyk biziň barýan ugrumyz boýunça uzalyp gidýär. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  2. Baka, garşy.

    • Annaguly dagynyň kolonnasy stansiýadan polka tarap ugrady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Garry maňa tarap aýlap gözleriň, ýene dowam etdi başlan sözlerin. (R. Alyýew, Kommunizm Ýolunda)

  3. Gapdal, ýan.

    • Her tarapynyň uzynlygy bolsa 233 metr. (Gadymy Dünýä Taryhy)

  4. Biri beýlekä garşy bolan adam ýa-da adamlar topary.

    • Sen hem indi olaryň tarapyna geçdiňmi? ! (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

    • Gülnar tarapynda az adam boldy. (R. Seýidow, Bagtlylar)

  5. Hil, sypat.

    • Onuň gowy taraplary bar.