Ýüpek, nah mata dokamak üçin ulanylýan dokmaçylyk senetiniň ýönekeý stanogy, guraly.
Düşen ýerim hem edil tara gazygynyň üsti boldy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
«Uly söze toba-tagsyr», tara dokap hem eklärin. (Çary Aşyr, Poemalar)
[tara:]
Karar, ynjalyk.
Başyňa döneýin Güljan, gijeler tara tapmadym. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Onuň gözüniň agrysy içde-daşda oňa hiç tara bermedi. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)