tapmak işlik

Gözegçilik ýa-da agtaryş netijesinde bir zady ele salmak, nirededigini bilmek.

  • Şol şöhle salyp duran ýaly hemme adamlar tapsynlar. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

  • Tapan -- begener, tanan-alar. (nakyl)

amatyny tapmak

seret amat

  • Amatyn tapdym-da bökdüm üstüne, ykjam tutdum bogazyndan dessine. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

dilini tapmak

seret göwnüni tapmak

  • Ol her bir adamynyň garrylaryň-da, ýaşlaryň-da, hatda çagalaryň-da dilini tapýar. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

dogry tapmak

seret dogry

  • Jumany hem partiýa hataryna götermegi dogry tapyp, olaryň partiýa hataryna kabul edilmegini ýaçeýka sekretaryna tabşyrdylar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

göwnüni tapmak

seret göwün

janyňa aram tapmak

seret jan

  • Bu sessiz bakyşdan olaryň janlary aram tapan ýaly boldy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

pälinden tapmak

seret päl

  • Öz pälinden tapar, kim bolsa ýeser. (Mollamurt, Saýlanan eserler)

ugruny tapmak

seret ugur

  • Eýdip-beýdip, ugrun tapyp arada sümen eken ol bir ýolbaşçy işe. («Tokmak» žurnaly)

ugur tapmak

seret ýol tapmak

  • Awçylar we çopanlar azaşanlarynda, ugur tapmak üçin şol özboluşly ösümliklerden peýdalanypdyrlar. («Mydam Taýýar» gazeti)

ýitirip tapan ýaly

Höwes bilen, yhlasly (görüp-görüşmek).

ýol tapmak

seret ýol

  • Şeýle oýlana-oýlana bir ýol tapdym. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)