[ta:plamak]
Gyzdyryp ýenjip ýüz çykarmak, ýiteltmek (pyçak, pil we ş. m. hakda).
Ol şol wagtlar orak dişemek, pil kätmen ýaly gurallary taplamak hem-de kem-käs ýerlerini bejermegi başarýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Betbagt ussa meniň kätmenimi taplaman, elime berdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Metal önümlerini gaty, berk etmek üçin gyzardagada suwa sokup, tiz sowatmak, suw bermek.
[ta:plamak]
Taba getirmek (ýer hakda).
Suw tutan ýerlerimiz hem wagtynda taplamaz. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)