tapgyr-tapgyr

  1. Topar-topar, bölek-bölek, gruppa-gruppa.

    • Deňziň üsti bilen tapgyr-tapgyr bolup gelýän bulutlar goýazylaşdy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

  2. Wagtal-wagtal, käwagt.

    • Şu gün giç öýlän başlan ýaz ýagşy heniz hem diňmändi, ol özüniň goýry çabgasyny tapgyr-tapgyr guýýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Tapgyr-tapgyr ösýär bahar şemaly, Suwlar towlanyşyp çasly akýarlar. (N. Pomma, Saýlanan eserler)