tapgyr 1

Ugur, ýol tapyjy, bilgir.

  • Tüweleme, sen-ä gaty tapgyr ekeniň! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

tapgyr 2

  1. Adamlar topary, bölek, gruppa.

  2. Gezek, ýola, sapar.

    • Bizde kartoşka möwsümde iki tapgyr ekilýär. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Obanyň horazlary bolsa bir tapgyr gygyryp goýdular. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • tapgyra
  • tapgyrda
  • tapgyrdady
  • tapgyrdadyr
  • tapgyrdaky
  • tapgyrdan
  • tapgyrdyr
  • tapgyrlar
  • tapgyrlara
  • tapgyrlarda
  • tapgyrlardan
  • tapgyrlary
  • tapgyrlaryna
  • tapgyrlarynda
  • tapgyrlaryndaky
  • tapgyrlaryndan
  • tapgyrlaryny
  • tapgyrlarynyň
  • tapgyrlaryň
  • tapgyrlaýyn
  • tapgyrly
  • tapgyrlylygynyň
  • tapgyry
  • tapgyrydy
  • tapgyrydyr
  • tapgyrym
  • tapgyryna
  • tapgyrynda
  • tapgyryndadyr
  • tapgyryndaky
  • tapgyryndan
  • tapgyryny
  • tapgyrynyň
  • tapgyryň