tapbatlamak işlik

[tapba:tlamak]

Piliň arkasy bilen urup, endigan berkitmek.

  • Ol täze ýasan çiljagazyny depeledi, onuň iki gapdalyny pil bilen tapbatlady. («Pioner» žurnaly)

  • Obanyň ileri başynda suw tutýan daýhanlaryň böwedi tapbatlanda çykýan pil sesi, obanyň üsti bilen ýaňlanyp gitdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)