tapawut at

[tapa:wut]

Bir zadyň ikinji bir zatdan aýratynlygy, parh.

  • Işde aýalyň ýa-da erkegiň tapawudy bolmaz. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Bu ýeriniň gijesi bilen gündizinde-de tapawut bar bolara çemeli däl. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Olaryň ikisiniň çekýän zähmetiniň arasyndaky tapawut nähili? («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem tapawut - tapawudy.