tap at

[ta:p]

  1. Ýagdaý, hal, reje.

    • Ýeri, dost! Taplar neneň? («Mydam taýýar» gazeti)

    • Bu brigada geçen ýyllarda hem ýokary hasyl alypdy, bu ýyl-da onuň gowaçalarynyň taby gowy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Güýç, kuwwat, gurbat.

    • Gün-günden joş alyp Murgabyň taby, Gülzara öwürdi seniň ýüzüňi. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Komandiriň ýerinden gymyldamaga taby galmandy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem tap - tabym, tabyň.

abyny-tabyny bilmek

Ugruny, ýagdaýyny, tärini bilmek.

  • Işiň abyny-tabyny bilmedik gelne ilki günler işlemeklik agyr düşdi. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

bir tap

Orta halda, bir ugur, bir ýagdaý.

  • Işleriň bir tap barýandygyny bildi.

taba gelmek

Ýer suwarylandan soň, birsydyrgyn guramak, sürüme taýyn bolmak.

  • Ýerleriň deň taba gelmegi-de, esasan, ýeriň tekizligine bagly bolar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Taba gelen ýerleriň üstüni sypalap geçýän mylaýym bahar şemaly ýowşan, bozagan bilen garaganyň turşumtyk ysyny garyşdyryp getirýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

tap getirmek

Kararyň ýetmek, döz gelmek, çydamak.

  • Oňa dostuň ýoldaşyň ýüregi nähili tap getirer? (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

tapdan düşmek

Ýagdaýy agyrlaşmak, güýçden gaçmak, kuwwatsyzlanmak.

  • Ol öz baklaşkasyndaky suwuň her damjasyny isrip etmän, tapdan düşen ýolagçylaryň bogazyny öllärlik bir ýuwdum dadyrýardy. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)