tanyş

  1. Öňden bilýän, görüp ýören adamyň.

  2. Öňden mälim bolan, öňden bilinýän.

    • Bu jaýy bu durmuş, bu iş onuň üçin ýat bolman, ýakyndan tanyş durmuşdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Lenin meniň bilen misli köneden tanyş dosty hökmünde gürleşdi. Oraz entek bu ýerdäki güýçli mehanizmler bilen tanyş däldi. («Pioner» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem tanyş - tanşy.