tans at

Saz eserlerine we sazyň özüne laýyklykda aýratyn temp we formada ýerine ýetirilýän aýak oýny.

  • Tans köpçülige bir bada däl-de, kem-kemden ýaýrady. («Pioner» žurnaly)

  • Bir tarapda süýji sazyň sesine, tans edýärler oglan-gyzlar gatyşyp. (G. Seýitliýew, Saýlanan eserler)

  • Täze döredilen tans kružogy hem öz işini oňat alyp barýar. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)