tanatmak işlik

  1. Görüp-görkezip kimdigini ýa-da nämedigini äşgär etdirmek, belli etdirmek, anyklatmak, bildirtmek.

  2. Birini ikinji biri bilen tanyş etmek.

  3. Halk köpçüligine adyny belli etmek, meşhur etmek.

    • Işde özün tanadan eli çaltlar ak altyn hakynda gürrüň açýarlar. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem tanatmak - tanadýar, tanadar, tanadypdyr.

ýaka tanatmak

seret ýaka

  • Bir kemsiz tanatdy gyzyň ýakasyn, kähuda ediner, indi kakasyn. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  • Ol görmegeý ýigit obaň, içinde, ýakasyn tanadan pälwan ýarymyş. («Sowet edebiýaty» žurnaly)