tanalmak işlik

  1. Kim ýa-da nämedigi mälim bolmak, äşgär bolmak, anyklanmak.

  2. Halk köpçüligine ady belli bolmak, ile mälim bolmak, meşhur bolmak.

    • Asyl ile-güne peýdaly bir zat döretmek eliňden gelmese, sen hiç ýerde tanaljak däl ekeniň. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Söýüşip-işleşip gezdiler şeýle, olaň ikisi-de tanalan işde. (R. Seýidow, Eserler)