talap at

  1. Ýerine ýetirilmegi hökman bolan şert.

    • Söweşde talaby berjaý edeýin. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  2. Isleg, arzuw, zerurlyk.

    • Ol biziň talabymyzy ödäp bilmeýär. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

    • «Ýok bolsun uruş! » diýen şygar rewolýusion halkyn ilkinji talaplaryndan biridir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Zähmet hut zähmetkeşler köpçüliginiň talaplary-ny maksimal kanagatlandyrmagyň serişdesi bolup durýar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  3. , zähmet, gazanç.

    • Ol talap gözläp, nireleredir aýlap-ýyllap çykar giderdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem talap - talaby.

talap etmek

Erjellik, tutanýerlilik bilen soramak.