talaňçy at

[ta:laňçy]

Talaňçylyk işi bilen meşgul bolýan garakçy, talaň salyjy, talawçy.

  • Ol talaňçylar obany rehimsiz talap, nebir gözel jaýlary ýumrupdyrlar. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  • Ol Eýran hanlarynyň talaňçy çapawullaryna, Hywa hanynyň garakçylar toparyna garşy gaty köp saparlar söweşipdir. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)