talaň

[ta:laň]

  1. Biriniň zadyny zorluk bilen basyp alyş, talamaklyk.

    • Kolhozyň malynyň talaňdan gutulmagyna sebäp bolanyň üçin men senden razy hem saňa köp sag bol aýdýan! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Talanyp alnan olja, talanan zat.

    • Boýunlary ýygyrtlaşan uzyn arryk egmek kösä şol talaňdan zat ýetmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

talaň salmak

Zatlary, emlägi talamak, basyp almak.