takyr

  1. Toýunsow giňişlik, düz meýdan, ösümliksiz şor meýdan.

    • Alty bugraly adyra, takyra düşende, ýelgamaga döndi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Mekdebiň öň ýany eliň aýasy ýaly takyrdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Göçme manyda Hiç zatsyz, boş.

  3. Göçme manyda Ýüzi düz; tüýsüz, saçsyz.

    • Onuň süýr depesi takyrdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)