takyk ta·kyk

[ta:ky:k]

Hakykat, anyk, aýan, açyk.

  • Bu habar ýalan bolaýmysyn, takygyna ýetseňiz gowy bolar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Şu günki bolup geçen wakanyň takygyna ýetmek işläpdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem takyk - takygy.


Duş gelýän formalary
  • takygy
  • takygyna
  • takygyny
  • takykdyr
  • takyklara
  • takykly
  • takyklyga
  • takyklygy
  • takyklygyna
  • takyklygynda
  • takyklygyndan
  • takyklygyny
  • takyklygynyň
  • takyklygyň
  • takyklyk
  • takyklykda
  • takyklykdan