tagta1

Pürsden her hili galyňlykda kesilen gurluşyk materialy.

  • Giň meýdanda tagtalar, pürsler sement çelekler we başga gurluşyk materiallary düşürilýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Ine agaç, tagtanyň gerek ýeri. («Kolhoz Günleri»)

tagta2

Haýsy-da bolsa bir materialyň ýukajyk tekiz bölegi.

  • Bukjanyň içinden üç tagta kagyz çykdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

tagta3

Ýüzüne hek bilen hat ýazylýan okuw esbaby.

  • Okuwçylar birden tagta, birden hem depderlerine seredişdiler. («Mydam Taýýar» gazeti)

  • «W» harpyny mugallymyň aýdyşy ýaly edip, tagta düşnükli ýazdym.

hormat tagtasy

Işde üstünlik gazanan adamlaryň ady ýa-da suraty görkezilýän tagta.

  • Ýygymçylaryň atlary kolhozyň hormat tagtasyny bezeýär. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)