tagt1

  1. Könelişen söz Häkimiýet simwoly hökmünde ulanylýan aýratyň kreslo; patyşalaryň, şalaryň, monarhlaryň dabaraly düzgün wagtynda oturýan ýeri, patyşanyň arz soraýan jaýy.

    • Şah eger adyl bolmasa, tagty weýran bolarmyş. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Patyşany tagtyndan taýdyrdyk, Kerenskiý hökümetini ýykdyk. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Göçme manyda Üstünde oturmak üçin tagtdan edilen ýörite seki.

    • Haly ýazyp, bir giň tagtyň üstüne Tagam häzirläpdir gelnine gaýyn. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

tagta mündürmek

Patyşa etmek, häkimiýet başyna geçirmek.

tagt2

Ýeriň suwarylyp, ekişe taýýarlanylyp goýlan ýa-da sürüme taýýar bolan yzgarly ýagdaýy.

  • Suwçular uly suwaryş kanalyndan tagt suwlaryny ekin meýdanlaryna goýbererler. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

  • Taba getirip, tagtdan çykarman kätmen urmasaň, gatan ýer ony bogjakdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)