tagan

[ta:gan]

Üstünde gazan, tüňçe goýlup nahar bişirilýän üç aýakly demir gural.

  • Käse gapböwürdäki tagana degip, jyňňyrdy bilen pytrady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Düýesiniň ýüküni ýazdyryp, tagany goýdy, gazany atardy. («Pioner» žurnaly)

  • Tagan aýagy üç bolar, biri-birine güýç bolar, biri synsa, hiç bolar. (nakyl)