tagam at

  1. Nahara, iýmite mahsus bolan aýratynlyklary duýýan agyz ýa-da dil duýgusy.

    • Men çaýyň tagamyny birinji gezek datdym. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Her naharyň bir tagamy bolşy ýaly, mal üçin her otuň-da bir ýokumy bardyr. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

    • Şu gapyrgalaryň tagamy ýamanja däl. («Kolhoz Günleri»)

  2. Nahar, iýmit.

    • Ballym, taýyn tagamy taşlap gitseň, nähili bolar? ! (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

    • Bişiren tagamlaryna-da gant atylan ýaly, iýip doýup bolmazdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  3. Göçme manyda Bir zada bolan duýgy, bir zatdan alynýan lezzet, eşret.

    • Dünýäniň datly tagamyny ýaňy dadyp başlan Begenje söz bererismi? ! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)