tagaşyksyz sypat

  1. Gelşiksiz, oňaýsyz, nepis däl, gödek, çemesiz.

    • Begenjiň gözüne onuň tagaşyksyz gylly ýogyn barmaklary rula gelişmeýän ýalydy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Gurt bir hili tagaşyksyz sypat bilen ýylgyrdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Göçme manyda Oňaýsyz, ýerliksiz, gödek.

    • Ilkidurmuş adamlarynyň gepleşigi örän tagaşyksyz bolupdyr. (Gadymy Dünýä Taryhy)

    • Gulman arçyn özüniň tagaşyksyz ýogyn gülküsini öz badyna goýberýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Onuň tagaşyksyz göwresiniň ýarysy içerik girdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)