tabyt

[ta:byt]

Içine meýit salyp götermek üçin agaçdan ýa-da boýradan ýasalan enjam.

  • Ölemde kim «eje» diýip, meniň tabydymy göterer. (A Gowşudow, Powestler we heka- ýalar)

  • Serwiden tabyt kylyp, gülden kepen etmek gerek. (Myraly)

  • Halnazary merdiwan şekilinde ýasalan tabydyň üstünde ýatyryp, jynaza namazy üçin arassalanan ýere alyp bardylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem tabyt - tabydy.