tabynlyk

[ta:by:nlyk]

  1. Birine ýa-da bir zada garaşlylyk.

    • Olaryň tabynlyk ýagdaýlary ýüzüni bir ýana sowmaga mejbur etdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Onuň asyl daşky görnüşi, haýbaty, söz urşy-da tabynlyk talap edýärdi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

  2. Zor bilen boýun egdirilenlik, tabyn edilen ýagdaýda bolmaklyk.

    • Tabynlykda ýaşamaklyk.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem tabynlyk - tabynlygy.