tabyn

[ta:by:n]

  1. Birine ýa-da bir zada garaşly bolan.

    • Sen maňa maslahat ber, men seniň maslahatyňa tabyn. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Menem saňa tabyn boldum. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

    • Töwerek-daş maňa tabyn. («Mydam Taýýar» gazeti)

    • Iş gününde özüne tabyn adamlara hiç zat aýtmaýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Zor bilen boýun egdirilen, boýun bolan.

    • Atabaýyň öz öýlerinde birinji gezek Akmaýany özüne tabyn etmek islegi ýol almady. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)