tabel

  1. Işçi we gullukçylaryň işe gelşi, işden gidişi hasaba alynýan nomerli ýörite tagta.

  2. Işe gelnende ýa işden gidilende asylyp goýulýan nomerli tegelejik demir.

  3. Ýörite tertip boýunça ýazylýan spisok.

    • Olaryň tabelleri heniz gowşurylanok. («Mydam Taýýar» gazeti)

    • Tabelleri ýazyp oturan Berdä: -- Arma, Berdi! -- diýdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)