tabak

[ta:bak]

  1. Içine nahar goýup iýmek üçin ulanylýan gap.

    • Şol taýdan bir tabak palaw getirip, özi meniň bilen bile oturyp iýdi. (Myraly)

    • Bahar kitapdan gözüni aýyrman, bir gapdalynda tabak dolup duran özümden ýeke-ýekeden ýolup agzyna atýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Göçme manyda Nahar.

    • Olara baran badymyza, öňümize tabak geldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ol tabak çekilýänçä, özüne bir güýmenje tapdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Atbaşçylary uzak saklaman, taýyn bolup duran nahary guýdular-da tabak çekdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem tabak - tabagy.

bir tabakdan nahar iýmek

seret iýmek

  • Nähili olar bilen bir tabakdan nahar iýerin?! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)


Duş gelýän formalary
  • tabaga
  • tabagy
  • tabagym
  • tabagymyza
  • tabagymyzdan
  • tabagyna
  • tabagyndaky
  • tabagyny
  • tabagynyň
  • tabagyň
  • tabagyňa
  • tabakda
  • tabakdaky
  • tabakdan
  • tabakdyr
  • tabaklar
  • tabaklara
  • tabaklarda
  • tabaklary
  • tabaklaryna
  • tabaklarynda
  • tabaklaryň
  • tabakly