tabşyrylmak işlik

  1. Bir işiň ýerine ýetirilmegi buýrulmak, ýumuş buýrulmak.

    • Ine bu möhüm iş Nyýaza tabşyryldy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  2. Nesihat edilmek, nygtalyp aýdylmak.

    • Brigadirlere edilmeli işler tabşyryldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Birine bir wezipe ýüklenmek.

    • Ýolbaşçylyk etmeklik tejribeli halyçylara tabşyryldy. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

  4. Bir zat geçirilmek, berilmek, gowşurylmak.