tabşyryk tab‧şy‧ryk

  1. Birine tabşyrylan buýruk, ýumuş.

    • Akmyrat, sen mugallymyň düýnki tabşyrygyny eýýäm ýadyňdan çykardyňmy? (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Saňa bir tabşyryk bar, olam, okap sowatly bolmaly. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Birine berilýän nesihat, wesýet, öwüt, maslahat.

    • Garly ussa oňa tabşyryk etdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  3. Birine edilýän sargyt, ýumuş.

    • Maňa-da gyzykly kitap getirgin! -- diýip, tabşyryk etdi.

  4. Nädogry edilen iş üçin edilýän duýduryş, käýinç.

    • Şeýle işleri üçin raýon tarapyndan Pökgene birnäçe sapar tabşyryklar hem berlipdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem tabşyryk - tabşyrygy.


Duş gelýän formalary
  • tabşyryga
  • tabşyrygy
  • tabşyrygydy
  • tabşyrygydyr
  • tabşyrygym
  • tabşyrygymy
  • tabşyrygymyz
  • tabşyrygyna
  • tabşyrygynam
  • tabşyrygynda
  • tabşyrygyndan
  • tabşyrygyny
  • tabşyrygynyň
  • tabşyrygyň
  • tabşyrykda
  • tabşyrykdan
  • tabşyrykdyr
  • tabşyryklar
  • tabşyryklara
  • tabşyryklarda
  • tabşyryklardan
  • tabşyryklary
  • tabşyryklaryna
  • tabşyryklaryny
  • tabşyryklarynyň
  • tabşyryklaryň
  • tabşyrykly