taşlatmak işlik

  1. Zyňyp, oklap goýbertmek, zyňdyrmak, oklatmak.

    • Oňa köpçülik bolup çilimi taşlatmak gerek.

  2. Ulanmagy bes etdirmek, goýdurmak.

    • Zarpçy ýygymçylar ýaltalary öz erkine goýman, ýaltaçylygyny taşladyp, işe gyzykdyrýarlar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem taşlatmak - taşladýar, taşladar, taşladypdyr.


Duş gelýän formalary
  • taşladardy
  • taşladaryn
  • taşladyp
  • taşladypdyr
  • taşladyň
  • taşladýar
  • taşlatdyk
  • taşlatma
  • taşlatmajak
  • taşlatmak