taňňyrdatmak işlik

Taňňyrdyly ses çykarmak, taňňyrdyly seslendirmek.

  • Meniň üçin dep bilen taňňyryň tapawudy ýok, al-da taňňyrdadyber! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem taňňyrdatmak - taňňyrdadýar, taňňyrdadar, taňňyrdadypdyr.