taýzarmak işlik

  1. Jaýtaryp ýokary galyp durmak, dim-dik bolup durmak, somalyp durmak.

    • Matros eşiklije oglan we örülen saçjagazy taýzaryp, syçanyň guýrujagyny ýadyňa salýan gyzjagaz dur. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

    • Biziň göwnümize bolsa, onuň gamgyn gözlerinde ýene-de şatlyk uçguny görnüp, salparan murtlary ýene-de taýzaran ýaly boldy. (G. Gurbansähedow, Ýürek daş däl)

  2. Göçme manyda Sakgal-murtdan aýrylyp, taýpy ýaly ýylmanyp görünmek.