taýak

  1. Goranmak üçin ulanylýan düwünsiz ýylmanak şaha bölegi.

    • Düwünçekli ýaglygyna taýagy ötürip egnine atdy-da, Gyzyl Goşun gullugyna kabul edilýän punkta ugrady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. seret hasa

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem taýak - taýagy.

taýagyň egrisi özüňe bakan

Öz haýryňa, öz peýdaňa.

  • Mende günä ýok Ballym, taýagyň egrisi özüňe baka bolany üçin, saňa diňe sarsgyny baryp degýändir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • taýaga
  • taýagam
  • taýagy
  • taýagym
  • taýagymy
  • taýagymyka
  • taýagymça
  • taýagyn
  • taýagyna
  • taýagynda
  • taýagyndan
  • taýagyny
  • taýagynyň
  • taýagyň
  • taýagyňam
  • taýagyňy
  • taýak-da
  • taýakda
  • taýakdan
  • taýakdyr
  • taýaklar
  • taýaklara
  • taýaklardan
  • taýaklary
  • taýaklaryny
  • taýaklarynyň
  • taýaklaryň
  • taýakly
  • taýaklyk
  • taýaklylar
  • taýaklylary
  • taýakmy
  • taýakmydyr
  • taýaksyz