taýýarlatmak işlik

[taýýa:rlatmak]

  1. Bir zady ýa-da birini öňünden taýýar etdirmek, häzirletmek, taýynlatmak.

    • Garakçylaryň at saýlamak, nahar taýýarlatmak işleri bir sagada golaý çekdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Taýýarlyk gördürmek, taýynladyp bilim aldyrmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem taýýarlatmak - taýýarladýar, taýýarladar, taýýarladypdyr.