taýýarlanmak işlik

[taýýa:rlanmak]

  1. Bir zat ýa-da biri öňünden taýýar edilmek, taýynlanmak, häzirlenmek.

    • Ýolda gerek bolaýjak zatlar öňünden taýýarlandy.

  2. Taýýarlyk görmek, taýynlyk görmek, taýynlanmak.

    • Hoşgeldi hem dykgat bilen diňlemäge taýýarlandy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Men onuň gürrüňine hä bermän, dersime taýýarlanmaga başladym. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  3. Bilim berlip, taýynlanylyp ýetişdirilmek.