taýýarlamak işlik

[taýýa:rlamak]

  1. Bir zady ýa-da birini taýýar edip goýmak, taýynlamak, häzirlemek.

    • Iş meýdanynda kitaby sesli okap bermek üçin näçe adam taýýarladyňyz? (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  2. Bilim berip terbiýeläp ýetişdirmek, ösdürmek.

    • Aýal-gyzlardan mugallym kadrlaryny köp taýýarlamak möhüm işdir. («Sowet Türkmenistany Gazeti)