tüweleme

Bir işi gowy, başarnykly ýerine ýetiren adamy öwüp ýa-da eden işi makul görlüp aýdylýan söz, berekella.

  • Saglykmy, Annaguly, amanlykmy, tüweleme, sen-ä adam bolaýypsyň! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Tüweleme, bu ýyl ýagdaý erbet däl! («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Siziň hem çagaňyz boldumy? Tüweleme! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)