tüweleý

Towlam-towlam bolup hereket edýän tozanly ýel.

  • Kä ýerde tüweleý aýlanýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Bäş guzyny hem tüweleý äkidipdir. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

tüweleý turuzmak

  1. Tozan turuzmak, çalt hereket etmek.

    • Ýeňil maşyn tüweleý turzup ýola düşdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Gopgun turuzmak, jenjel etmek, gykylyk etmek.

    • Dükanyň içinde tüweleý turuzýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)